mum-helim

mum-helim
[mu:m-heli:m]
mum-helim bolmakseret mum-helime dönmek
∙ Görineli mum-helim bolşuna seret, ýagşy gyzyrjagyny gygyrýar-da, onsoň hem: --Meni bagyşlaň! -- diýen bolýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
mum-helim etmek
1) Örän uýumsak hala öwürmek, gaty owratmak, myžžygyny çykarmak.
∙ Bäşim elindäki bir bölejik kesegi owradyp, mum-helim edipdi. («Kolhoz Günleri»)
2) Täsir edip meýmiretmek, erk-ygtyýaryny almak, gowşatmak, ýumşatmak.
∙ Men onuň bilen gürleşip-de durmanyň, ýogsam onuň mylýagymlygy, mähribanlygy meni mum-helim eder. (Şekspir, Otello)
mum-helime dönmek
1) Mum-helim bolmak, ýumşak hala öwrülmek, gaty owranmak, myžžygy çykmak.
∙ Gaýrasy gum, ilersi dag, düz meýdan Depelenip, mum -helime dönüpdir. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
2) Bir zadyň täsiri ýetmek zerarly meýmiremek, erk-ygtyýarlygyny aldyryp ýuwaşamak, gowşamak.
mum-helime öwrülmekseret mum-helime dönmek
∙ Iru-giç düşersiň meniň elime, Şonda öwrülersiň muma-helime. (D. Baýmyradow, Söýgi We Mekirlik)
∙ Bu boz meýdan mum-helime öwrülýär.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»